Arhiw

Russiýada gara peýnir döredildi

12:0004.02.2023
0
30110
Russiýada gara peýnir döredildi
Surat: cheezu.ru

Russiýanyň Biotehnologiýa uniwersitetiniň (Rosbioteh) alymlary peýniriň täze görnüşini işläp düzdüler. Ol düzüminde agaç kömri bolan gara mermer peýnir diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.

Agaç kömrüniň iýmit siňdiriş häsiýetleriniň kömegi bilen täze azyk önümi aşgazan-içege ulgamyny arassalaýar, bu bolsa öz nobatynda tutuş bedene oňyn täsir edýär. Peýnir toksinleri, organiki birleşmeleri çykarýar, içgeçmede, meteorizmde we iýmit siňdiriş ulgamynyň beýleki sökelliklerinde peýda edýär.

Kömrüň goşulmagy peýniriň tagam häsiýetlerine we onuň taýýarlanyş möhletine täsir etmeýär. Nyrh babatda täze önüm adaty peýnirlerden kän tapawutlanyp durmaz. Onuň düzümine diňe ýerli ingrediýentler girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň