Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýyl dünýäde azygyň bahasy iň ýokary derejä çykdy

10:5004.02.2023
0
26673
Geçen ýyl dünýäde azygyň bahasy iň ýokary derejä çykdy
Surat: dw.com

2022-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäde azyk önümleriniň iň ýokary nyrhlary hasaba alyndy diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk önümleri guramasy habar berdi. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

Hünärmenler azyk önümleriniň şeýle gymmatlamagynyň synlamalaryň bütin taryhynda bolmandygyny belleýärler. Geçen ýylyň netijeleri boýunça azyk harytlarynyň indeksiniň ortaça derejesi 143,7 punkty düzdi, bu 2021-nji ýyldakydan 18 punkt köpdür.

Esasan hem ýarmanyň nyrhy gymmatlady, ýagdaý dekabryň aýagynda bugdaýy eksport edijileriň arasynda bäsdeşligiň artmagy netijesinde biraz kadalaşdy. Şeýle-de geçen ýyl ösümlik ýagy, süýt önümleri, et we şeker gymmatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň