Arhiw

Ýüzýän kitap dükany Beýrutyň deňiz portuna geldi

10:1004.02.2023
0
24588
Ýüzýän kitap dükany Beýrutyň deňiz portuna geldi
Surat: caralb.com

Dünýäde iri ýüzýän kitap dükany Beýrutyň deňiz portunda labyr taşlady diýip, «Habar 24» ýazýar.

Onuň üstünde dürli ýaşdaky okyjylaryň göwnüne ýaraýjak 5 müňden gowrak kitap bar. Isleýän kitabyňy saýlamaga 350-den gowrak meýletinçi kömek edýär. Bu «Logos Houp» kitap dükanynyň Liwanyň paýtagtyna ikinji saparydyr, ol Beýrutda öňem 2010-njy ýylda bolupdy. Ýüzýän kitap dükany eýýäm dünýäniň 150 ýurdundaky portlaryň 480-sinde boldy.

Maksatnama dünýäniň parahat däl etraplarynda bolmaga hem niýetlenendir. Mysal üçin, Liwan raýatlyk urşunyň, syýasy jenjelleriňdir ykdysady durgunlylygyň onýyllygyny başdan geçirdi.

Ýerli ýaşaýjylar ýüzýän kitap dükanyna höwes bilen gelýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň