Soňky habarlar

Arhiw

Geljek hepde 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisi geçiriler

23:0803.02.2023
0
50463

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna we döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň, amala aşyrylmaly çäreleriň, öňde durýan wezipeleriň köpdügini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde geçen 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler. Şeýle-de döwlet dolandyrylyşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň