Çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibi tassyklandy

22:0003.02.2023
0
33154

Türkmenistanda çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» adyny bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy. Bu baradaky Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow 3-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli medeniýeti we sungatyň görnüşlerini ösdürmek, çeper höwesjeň kollektiwleriniň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek we olary goldamak maksady bilen, şeýle hem «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň