«Soçiniň» baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparynyň «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun bilen gyzyklanmasy baradaky sowallara jogap berdi:
― Men Serdaryň Emirliklerdäki toýuna gatnaşdym. Emma onuň bilen Soçi şäherine göçmek barada gürleşmedim. Onuň bu babatda maksady hem ýok. Meniň pikirimçe, ol başga ýurda, başga şähere göçmeli, Soça däl ― diýip, Abu-Dabi şäherinde geçirilýän «Winline RPL gyşky kubogyna» gatnaşýan Berdiýew jogap berdi.
Serdar Azmunyň «Rubin» we «Rostowda» Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda futbol oýnandygyny ýatladýarys. Ol Gurban Berdiýew ýaly gelip çykyşy boýunça türkmendir.