Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada öýsüzleriň sany artýar

17:2103.02.2023
0
27654
Fransiýada öýsüzleriň sany artýar
Surat: 1prof.by

Fransiýada öýsüzleriň sany barha artýar. Olaryň sany eýýäm 330 müň adama ýetdi diýip, «Habar 24» ýazýar.

Abbat Pýeriň gaznasynyň hasabatyna görä, bu 10 ýyl öňdäkiden iki esse köpdür. Raýatlaryň 4 milliondan gowragy ýaramaz şertlerde ýaşaýar ýa-da öýi ýok. Ilatyň pes girdejili gatlagy şeýle-de hümmetsizlenme sebäpli çykdajylaryň artmagy bilen baglylykda agyr ýagdaýda galdy. Kabul edilýän çäreler bolsa ýeterlik däl diýip, hünärmenler aýdýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, şu hepdede hökümet sosial üpjünçiligi pes bolan adamlar üçin ýaşaýyş öý üpjünçiligini göz öňünde tutýan täze maksatnamany hödürlemeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň