Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş türkmen suratkeşleri halkara bäsleşikde üstünlik gazandylar

17:5224.06.2015
0
2352

Şu ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Aşgabat şäheriniň B.Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň halkara sungat bäsleşiginde gazanan baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Bu bäsleşik öňräk — 2014-nji ýylyň 22—26-njy dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde “Daşkent şatlyklary” ady bilen geçirildi. Onda zehinli ýaşlarymyz 19 sany şahadatnama  hem-de 1 altyn medal bilen diploma mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşyp, altyn medala mynasyp bolan zehinli gyz Merjen Handurdyýewa ýörite diplom gowşuryldy. Bu hoş habar ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň uludan toýlanylýan, Medeniýet hepdeliginiň dabaralanýan günlerinde mynasyp sowgat boldy.

  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň