Soňky habarlar

Arhiw

«Guwlyduz» kärhanasynda 31432 tonna nahar duzy öndürildi

16:5303.02.2023
0
19769
«Guwlyduz» kärhanasynda 31432 tonna nahar duzy öndürildi
Surat: ru.wikipedia.org

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň «Guwlyduz» kärhanasynda geçen ýylda senagat taýdan gaýtadan işlenilmäge degişli duzuň 96480 tonnasy taýýarlanyp, iş meýilnamasyna 103,7 göterim amal edildi. Öndürilen däneli duzuň umumy mukdary 85760 tonna deň boldy. Munuň özi, meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 4760 tonna köpdür. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Gürrüňi edilýän döwürde kärhana tarapyndan umumy gaplanan nahar duzunyň möçberi 31432 tonna golaýlady. Şeýlelikde nahar duzy meýilnamada bellenilenden 11430 tonnadan gowrak artyk öndürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň