Soňky habarlar

Arhiw

ŞHG-niň sammitinde howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşylar

16:4203.02.2023
0
19912
ŞHG-niň sammitinde howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy ara alnyp maslahatlaşylar
Surat: azertag.az

Terrorizme garşy göreş, ykdysady hyzmatdaşlyk we azyk howpsuzlygy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hindistanda geçjek sammitinde esasy mowzuglar bolar. Sammit şu ýyl geçiriler diýip, «MIR 24» habar berýär.

Öňde duran foruma taýýarlyk Duşanbede hünärmenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Azyk howpsuzlygy gönüden-göni buzluklaryň goralmagy bilen baglydyr. Olaryň kiçelmegi guraklyga sebäp bolýar, bu bolsa öz gezeginde azyk önümleriň ýetmezçiligine getirer. Täjigistan şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak ugrunda çykyş edýär.

Jemi 3,5 milliard adamyň ýaşaýan giňişligi bolan ŞHG özüne sekiz döwleti birikdirýär, ýene 13 ýurt dialog boýunça hyzmatdaşyň ýa-da synçynyň derejesine eýedir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň