Kazan bilen Aşgabatyň arasynda göni uçuşlar dikeldildi

21:3202.02.2023
0
35669

Şu gün uzak wagtlyk arakesmeden soň Kazandan Aşgabat şäherine ilkinji gezek yzygiderli uçuşlara başlandy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary Kazandan sagat 11:05-de (Moskwa wagty) uçup, 16:12-de (Aşgabat wagty) Türkmenistanyň paýtagtynda gondy. Uçuşyň dowamlylygy takmynan üç ýarym sagat boldy.

Öň awiakompaniýa tarapyndan amala aşyrylýan Kazan bilen Aşgabatyň arasyndaky howa gatnawy 2020-nji ýylyň ýazynda ýatyrylypdy. 2022-nji ýylyň tomsundan şu güne çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazandan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline gondy.

2022-nji ýylyň dekabryndan «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Maýn boýundaky Frankfurtdan (Germaniýa, öň Türkmenabat howa menziline gonan), Stambuldan (Türkiýe) we Dubaýdan (BAE) uçan uçarlary Aşgabat şäherine ugrukdyryldy. Ozal «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Dubaýdan gaýdan uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline, Stambuldan uçan uçarlary bolsa Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde kabul edildi.

Kazan bilen Aşgabat aralygyndaky uçuşlar hepdede iki gezek «Boeing 737» uçarynda amala aşyrylar. Duşenbe güni Kazandan uçuş 00:35-de bolup, 05:50-de Aşgabada gonar. Penşenbe güni Kazandan sagat 11:00-da uçan uçarlar, 16:25-de Aşgabat şäherine geler. Türkmenistan bilen Moskwanyň wagt tapawudy iki sagat. Uçuş tertibi üýtgedilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň