Türkmenistan Mics 5 öý hojalyk pikir soraşmasyna başlaýar

10:5124.06.2015
0
2669

22-nji iýunda Türkmenistanyň hökümeti ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda ýurtda çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýynyň monitoringi üçin halkara derejesinde maglumat toplap we seljerme geçirip başlady. Pikir soraşmasynyň maglumatlary ösüş meselesinde çagalaryň maddy hal-ýagdaýyna baha bermekde peýdalanylar.

Pikir soraşma 15-den 49 ýaşa çenli zenanlary we 5 ýaşa çenli çagalary bolan maşgalalara niýetlenýär. Maglumat toplamak sentýabrda başlanar we şu ýylyň aýagyna çenli dowam eder.

  Mics-iň maglumatlary 2016-njy ýylyň ortalaryna elýeterli bolar.

Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF Mics 5 boýunça düşünişmek hakyndaky Ähtnama 2014-nji ýylyň sentýabryndagol çekipdiler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň