Soňky habarlar

Arhiw

Balkandaky Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda bir aýda 3 müň jübüt aýakgap taýýarlanyldy

14:2802.02.2023
0
22531
Balkandaky Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda bir aýda 3 müň jübüt aýakgap taýýarlanyldy
Surat: shoes-report.ru

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda ýanwar aýynda pul hasabynda bitirilen işler 1,5 million manatlyga golaýlady.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, şu ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, aýakgap jübütleriniň, şeýle hem örme we tikin önümleriniň taýýarlanylyşynyň pul möçberindäki ösüş depgini 135 göterime barabar ýokarlanypdyr.

Şu döwürde toplumyň aýakgap fabriginde taýýarlanylan ýokary hilli aýakgap jübütleriniň sany 3 müňe ýetdi. Tikin fabriginiň gelin-gyzlary bolsa dürli biçüwli, ýaraşykly örme we tikin önümleriniň jemi 29 müň 540 sanysyny taýýarladylar.

Ýeri gelende aýtsak, bu görkezijiler, geçen ýylyň ýanwar aýyndaka garanyňda, toplumda 1 müň sany aýakgap jübütleriniň, 16 müň 183 örme we tikin önümleriniň artyk öndürilendigini görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň