Balkan welaýat häkimligi Gyzylarbat etrabynda täze obanyň gurluşygyna başlamakçy

13:2302.02.2023
0
40275

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, gurulmaly binalaryň, desgalaryň hem-de inženerlik ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin, potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige görä, obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollarynyň, agyz suwuny süýjediji desgasynyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, şeýle hem obada 1 sany 260 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, Saglyk merkeziniň, Geňeşligiň, Polisiýanyň, ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binalarynyň, 200 orunlyk medeniýet öýüniň, seýilgähiň, 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşyklary göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;

— edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat:

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2023-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Salgysy: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-01-15, 2-01-04, 2-01-16.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň