Soňky habarlar

Arhiw

Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

22:0701.02.2023
0
33466

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Rustam Minnihanow ýollan hatynda Gurbanguly Berdimuhamedowa halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýazýar we berk jan saglyk, uzak ömür, rowaçlyk, täze jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw edýär.

— Siz döwlet işiňizde Türkmenistanyň halkynyň goldawyna we belent hormatyna eýe bolan parasatly syýasatçy, güýçli ýolbaşçy hökmünde tanaldyňyz. Ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna goşan goşandyňyz hem bimöçberdir. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsüňiz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin — diýip, Rustam Minnihanow gutlag hatynda belleýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow şeýle-de bilelikdäki netijeli işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň