Soňky habarlar

Arhiw

Nazarbaýew Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi

21:5901.02.2023
0
37452

Gazagystan Respublikasynyň ozalky Prezidenti Nursultan Nazarbaýewden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Nursultan Nazarbaýew, ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystana ýollan hatynda tiz sagalmak barada beýan eden arzuwlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirýär.

— Mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli gutlaýaryn. Biziň şahsy gatnaşyklarymyzyň hem-de birek-birege hormat goýmagymyzyň geljekde-de dowam etjekdigine ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, täze döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin — diýip, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň