Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýaş ýerine ýetirijileriň konserti bolar

18:1701.02.2023
0
47433

12-nji fewralda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaş ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda «Ýürekden ýürege» atly konsert bolar.

Konsertiň dowamynda tomaşaçylar diňe bir häzirki zaman rus we daşary ýurt aýdymlaryny diňlemek bilen çäklenmän, sahna çykyşlaryny we tanslary hem görüp bilerler.

Mundan başga-da, zehinli ýaşlar özleriniň döreden aýdymlaryny hödürlärler.

Konsert maksatnamasyna nusgawy eserler (fleýta we pianino) hem girer.

Konserte Selim Gurbansähedow, Marta Giris, Arslan Ýagşynazarow, Aleks, Azim, Myrat Annageldiýew, Sona Durdyýewa, Merýem Hojaýewa we başgalar, şeýle hem «D’akrille», «Steam style» gatnaşýar.

Konsert 16:00-da başlar.

Petekleri öňünden bronlamak we satyn almak üçin şu belgilere ýüz tutup bilersiňiz: (+993) 61727863; (+993) 62937441; (+993) 62678070.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň