Täze Zelandiýada ýene suw joşgunyna garaşýarlar

17:4601.02.2023
0
27597
Täze Zelandiýada ýene suw joşgunyna garaşýarlar
Surat: news.obozrevatel.com

Täze Zelandiýada nobatdaky suw joşgunlaryna we sil suwlaryna garaşýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Öň ýurduň iri Oklend şäheri öz bütin taryhynda iň ýagyşly güni başdan geçiripdi. Harasat netijesinde dört adam heläk boldy. Şol wagt şäherde adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. Indi adatdan daşary ýagdaý Nortlend sebitinde yglan edildi.

Meteorologlar Oklendde-de, Nortlentde hem güýçli çabgalaryň ýagjakdygyny aýdýarlar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, howa menzillerinde gatnawlaryň tertibi bozulyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň