Soňky habarlar

Arhiw

Lukaşenko Zimbabweniň Prezidentine «Belarus» traktoryny sowgat berdi

16:4601.02.2023
0
25907
Lukaşenko Zimbabweniň Prezidentine «Belarus» traktoryny sowgat berdi
Surat: eng.belta.by

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Zimbabwede döwlet sapary wagtynda bu Afrika döwletiniň Baştutany Emmerson Mnangagwä traktor sowgat berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

«Lukaşenko Mnangagwä şahsy kömekçi hojalygynda peýdalanmak üçin traktor sowgat berdi» diýlip, habarda bellenýär. Gürrüň döwrebap «Belarus 923» traktory barada barýar, onuň 95,2 at güýji bar.

Zimbabweniň Prezidentiniň öz nobatynda belarus Prezidentine ýolbarsyň gäbini sowgat berendigi aýdylýar.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleriniň netijeleri boýunça Belarus öňdäki bir ýarym ýylyň dowamynda bu Afrika döwletine umumy bahasy 66 million dollardan geçýän oba hojalyk tehnikasyny iberer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň