Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan soganyň, ýeralmanyň we käşiriň eksportyny gadagan etdi

16:0101.02.2023
0
24994
Täjigistan soganyň, ýeralmanyň we käşiriň eksportyny gadagan etdi
Surat: cleanipedia.com

Täjigistan täze hasyla çenli soganyň, ýeralmanyň we käşiriň eksportyna gadaganlyk girizdi, bu içerki bazary üpjün etmek üçin wajypdyr diýip, ýurduň oba hojalyk ministri Kurbon Hakimzoda habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýanwarda Respublikada sowuk howanyň bolmagy sebäpli ekinleriň 10-12 göterime golaýyna zeper ýetdi. Emma häzir muňa garamazdan, ýurtda bu önümleriň geljek hasyla çenli ätiýaçlyk gorlary ýeterlik.

«Bizde ähli oblastlardyr etraplarda ekişiň ýagdaýyny barlaýan iş toparlary döredildi. Barlaglar sentýabr-oktýabrda ekilen soganyň ýedi müň gektaryna zyýan ýetmändigini görkezdi» diýip, Kurbon Hakimzoda aýtdy.

Çaklamalara görä, soganyň hasylynyň täze tapgyry bazarlara dekabryň birinji ongünlüginde gowuşmaly.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň