Aşgabatdaky «AMAKids» akademiýasy mental arifmetika we iňlis dili öwreniş okuwlaryna çagyrýar

14:0401.02.2023
0
43477
Aşgabatdaky «AMAKids» akademiýasy mental arifmetika we iňlis dili öwreniş okuwlaryna çagyrýar
Surat: ru.freepik.com

«AMAKids» bilim kämilleşdiriş akademiýasy 5 ýaşdan 16 ýaşa çenli ýaş aralygyndaky çagalary we ýetginjekleri mental arifmetika hem-de iňlis dilini öwreniş okuwlaryna gatnamaga çagyrýar.

«Mental arifmetika» kursy dilden ýerinen ýetirilýän arifmetik hasaplamalar esasynda işlenip düzülendir. Mental arifmetika okuwlarynyň öwrenilýän wagtynda «abakus» hasaplaryndaky hasaplamalaryň pikir taýdan wizuallaşdyrylmasynyň hasabyna beýniniň iki ýarym şarynyň özara täsiri ýüze çykýar, bu proses serjerme we döredijilikli pikirlenmäni, ýady, ünsi we erjelligi ösdürýär, beýni tarapyndan maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizligini ýokarlandyrýar. Çaga dilden hasaplamany özleşdirýär we aňda arifmetik amallarynyň ähli görnüşlerini (goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek) hat-da uly mukdardaky sanlar babatda hem kalkulýatorda işläninden tiz ýerine ýetirmegi öwrenýär.

«AMAKids»-de mental arifmetika okuwlary 10 çagadan köp bolmadyk toparlarda geçirilýär, has kiçi çagalar üçin bolsa, ol oýun görnüşinde alnyp barylýar. Okuw gollanmalary hökmünde bolsa patentleşdirilen onlaýn-platformalar hem-de AR tehnologiýalary peýdalanylýar. Sapaklary ýokary hünär taýýarlygy bolan mugallymlar geçýärler. Okuwlar hepdede iki gezek bolup, mekdebe çenli ýaşdaky çagalar üçin (5-6 ýaş) 35 minutdan ybarat iki sapak, uly ýaşly toparlar üçin bolsa 45 minutdan ybarat iki sapak geçirilýär. Bu sapaklaryň arakesmeleri dürli oýunlar bilen utgaşdyrylýar.

Bulardan başga-da, «AMAKids» akademiýasynda 5-14 ýaş aralygyndaky çagalara iňlis dili öwredilýär. Bu ýerde çagalara dil öwretmekde ulanylýan usulyýetler häzirki wagtda iň netijeli we täsirli hasap edilýän iňlis dili okuw usulyýetlerine esaslanyp düzülýär. Bu okuwlaryň maksady — gysga möhletiň dowamynda çagalara iňlis dilinde gepläp bilmegi, ýazmagy, hatda bu dilde pikirlenip bilmegi öwretmekden ybarat.

«AMAKids» akademiýasynda okuw ýörelgeleri öwrediji häsiýetli oýunlaryň ulanylmagy, özbaşdak Speaking Club-da giňişleýin gepleýiş tejribesi, onlaýn-platformalar (web-gollanma, elektron sözlük, ykjam goşundy) we toparlaýyn ýaryşlara gatnaşmak esasynda ýola goýlandyr.

«AMAKids» bilim kämilleşdiriş akademiýasynyň mental arifmetika ýa-da iňlis dili sapaklaryna ýazylmak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 52 56 38; (+993 63) 63 91 92

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň