Hytaý 2022-nji ýylda dünýäde iň uly gämi gurluşykçy ýurt boldy

11:3501.02.2023
0
22860
Hytaý 2022-nji ýylda dünýäde iň uly gämi gurluşykçy ýurt boldy
Surat: wsj.com

HHR-iň gämi gurluşygy senagaty geçen ýylda, eýýäm üçünji ýyldyr, dünýäde öňdäki ornuny saklamagy başardy. Bu barada ýurduň Senagat we habar beriş tehnologiýalary ministrligine salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Ýagny 2022-nji ýylda ýurtda umumy dedwaýty 37,86 million tonna deň bolan gämileriň gurluşygy tamamlandy, bu Hytaýyň paýyna dünýäde gurlan gämileriň 47,3 göteriminiň degişlidigini aňladýar, 2021-nji ýylda bolsa bu görkeziji 47,2 göterim bolupdy.

Geçen ýyl şeýle-de Hytaýyň paýyna dünýäde gämi gurluşygy babatda sargytlaryň 55,2 göteriminiň degişli bolandygy habar berilýär.

Ministrlikde geçen ýyl hytaý kompaniýalarynyň 6-synyň dünýäde iň iri gämi gurluşykçy kompaniýalaryň 10-lugyna girendigini habar berdiler.

Hytaýyň gämigurluşyk senagaty assosiasiýasynyň (CANSI) ýolbaşçysy Sao Bonuň sözlerine görä, suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) daşaýjy gämileriň gurluşygy babatda görnetin ösüşiň gazanylandygy hasaba alyndy, ýagny hytaý kompaniýalary STG daşaýjy gämileriň 55-sini gurmak boýunça sargyt aldylar, bu dünýäde umumy sargytlaryň 30 göteriminden hem gowrakdyr.

HHR-de iri gämigurluşykçy «China State Shipbuilding Corp.» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «Hudong-Zhonghua Shipbuilding (Group) Co.» kärhanasy şu ýylda STG daşaýan tankerleriň dokuzysynyň gurluşygyna başlamagy hem-de olaryň dördüsini sargytçylara elýeterli etmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň