Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy

07:4824.06.2015
0
6770

Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Bu sergi Türkmenistanda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň datly miweleri getirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Açyk asmanyň astynda guralan sergide çörek we aş önümleriniň, dürli sortdaky unlaryň görnüşleri, şeýle hem bugdaýyň we gowaçanyň tohumlary görkezildi.

Döwlet Baştutany sergi bilen tanşyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň köpugurly  mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we oba senagat toplumynyň degişli ýolbaşçylaryna oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda guramak, iň gowy tejribäni we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem daýhanlary zerur bolan tehnikalar we mineral dökünleri bilen üpjün etmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň edara-kärhanalarynyň galla, pagta we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan kärendeçiler bilen ysnyşykly işlemelidigini belledi.

Milletiň Lideri kärendeçi Jumamyrat Begmyradow bilen söhbetdeş bolup, ondan işleriň barşy, iş şertleri, daýhanlara döredilýän mümkinçilikler hem-de bu şertleriň  olaryň zähmetiniň netijelerine täsiri bilen gyzyklandy.

Daýhan özüniň üç gektar meýdanynda pagta ösdüpip ýetişdirýändigini we bereketli hasyl almagy umyt edýändigini gürrüň berdi.

J. Begmyradow häzir ýurdumyzyň daýhanlaryna netijeli işlemek üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanýandygyny buýsanç duýgusy bilen belläp, Türkmenistanyň Prezidentine ekin meýdanlarynda we öri meýdanlarynda zähmet çekýän adamlar hakynda elýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Kärendeçiniň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde daýhanlaryň durmuş derejesi ýokarlanýar, şonuň bilen birlikde, olaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmasy artýar. Şeýle ýagdaý onuň maşgalasynda hem äşgär duýulýar.

Kärendeçi häzirki wagtda suwaryş işlerine başlamakçy bolýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize ösüş suwunyň tutulmagyna badalga bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz eline pil alyp, suwaryş ýabyndaky toprak böwedini aýyrdy we meýdana akyp başlan suwuň ýoluny açdy.

Milletiň Lideri daýhan bilen hoşlaşyp, “ak altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi arzuw etdi we kärendeçä gymmat bahaly sowgat gowşurdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti kärendeçileriň ýene-de biri – Gülbahar Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş boldy. Kärendeçi üç gektar meýdanyna güýzlük däne ekip, bereketli hasyl ýetişdiripdir. Ol milli Liderimiziň sowallaryna jogap bermek bilen, ýerde işlemegiň onuň maşgalasy üçin ygtybarly bereket çeşmesi bolup durýandygyny gürrüň berdi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň ýerini synlap, döwletimiz geljekde hem oba senagat toplumynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, oba ilaty üçin mynasyp iş we durmuş şertlerini döretmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini aýtdy. Sahawatly türkmen topragy olaryň tutanýerli zähmetine bereketli hasyllary eçilýär.

Kärendeçi Türkmenistanyň Prezidentine oba zähmetkeşlerine berýän, ähli daýhanlar ýaly öz işinde hem yzygiderli duýýan hemmetaraplaýyn goldawy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, milletiň Liderinden öz meýdanyndaky galla oragyna başlap  bermegini haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyz   meýdandaky güýzlük dänäniň oragyna badalga berdi. Şol pursat meýdanda däne ýygnaýjy kombaýnlar işe girişdi.

Döwlet Baştutany kärendeçä berk jan saglyk, işinde üstünlik we maşgala abadançylygyny arzuw edip, oňa gymmat bahaly sowgat gowşurdy we onuň bilen hoşlaşdy. 

Soňra milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýüzlenip, Watan harmanyna saýlama bugdaýyň 1 million tonnasyny tabşyran türkmen gallaçylarynyň uly zähmet ýeňşini gazanandyklaryny habar berdi.

Şonuň bilen birlikde, wise-premýer şanly wakalaryň ýene biri hakynda habar berdi: Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk düzümleýin  guramasynyň /FAO/ 2015-nji ýyla çenli döwür üçin FAO-nyň maksatnamasynda kesgitlenen Müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazanan üstünlikleri üçin Türkmenistana ýörite sertifikaty berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu barada habar bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine degişli resminamany gowşurdy. Bu waka ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň, şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň oňyn häsiýetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutany bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk düzümleýin guramasynyň bu sertifikaty düýpli özgertmeler ýoluna düşen Türkmenistanyň bu ugurda, şol sanda azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly netijeleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bu gün dünýä derejesinde ykrar edilýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny we azyk senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek ýaly möhüm ugurda işleriň dowam etjekdigini nygtady. Milletiň Lideri uly zähmet üstünligini gazanan ýurdumyzyň gallaçylarynyň öz öňlerinde goýan jogapkärli wezipäniň hötdesinden abraý bilen geljekdigine—ýetişdirilen ähli hasyly ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna 1 million 600 müň tonna däne tabşyrjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň