HPG: 2023-nji ýylda nebitiň bahasy 16 göterim arzanlar

09:4101.02.2023
0
19762
HPG: 2023-nji ýylda nebitiň bahasy 16 göterim arzanlar
Surat: business.com.tm

Halkara Pul Gaznasy (HPG) üstümizdäki ýylda nebitiň bir barreliniň nyrhy 16,2 göterim, ýagny 81,13 dollara çenli arzanlar diýen çaklamany ýaýratdy. Bu barada şu duşenbede Gaznanyň dünýä ykdysadyýetiniň geljegi barada ýanwar aýyndaky täzelenen nutugynda bellenýär diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Inform.kz» saýty ýazýar.

«2023-nji ýylda nebitiň bahasynyň takmynan 16 göterim, ýangyç däl çig mal harytlaryň bahasynyň ortaça 6,3 göterim arzanlamagyna garaşylýar» diýlip, nutukda bellenýär.

Resminamada «gara altynyň» nyrhynyň 2023-nji ýylda 81,13 dollar, 2024-nji ýylda 75,36 dollara çenli arzanlajakdygy çaklanýar. Netijede, geljek ýyl ýangyjyň bahasy 7,1 göterim arzanlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň