Soňky habarlar

Arhiw

«Forbes» Afrikanyň iň baý adamlarynyň emlägini kesgitledi

17:4031.01.2023
0
43280
«Forbes» Afrikanyň iň baý adamlarynyň emlägini kesgitledi
Surat: jeuneafrique.com

Afrika yklymynyň iň baý adamlarynyň emlägi geçen 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 81,5 milliard dollara deň boldy, emma şol bir wagtda 3,1 milliard dollar möçberde azaldy diýip, «Forbes» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Sanawa Afrikanyň 54 döwletinden diňe 7-sine wekilçilik edýän baý adamlaryň 19-sy girdi.

Netijede, Afrikanyň iň baý adamy diýlip, yklymda iri sement öndüriji «Dangote Cement» kompaniýasynyň eýesi Aliko Dangote yglan edildi, onuň emlägi 13,5 milliard dollara deň. Emma 2022-nji ýylda onuň baýlygy 400 million dollar azaldy. Ikinji orunda GAR-yň raýaty Ýohann Rupert ýerleşdi, ol «Cartier», «Montblanc» we «Chloe» brendlerini özüne birleşdirýän «Compagnie Financiere Richemont» kompaniýasynyň eýesidir we emlägi 10,7 mlrd dollara deň.

Ilkinji üçlügi almaz gazyp alyjy «DeBeers» kompaniýasynyň mirasdüşeri Nikki Oppengeýmer jemledi, emlägi 8,4 mird dollar.

Sanawda dördünji orny nigeriýaly milliarder Abdul Samad Rabiu (7,6 mlrd dollar), bäşinji orny müsürli işewür Nassef Sawiris (7,3 mlrd dollar) eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň