Soňky habarlar

Arhiw

Soganyň iň gymmat ýurdy agzaldy

16:4731.01.2023
0
40041
Soganyň iň gymmat ýurdy agzaldy
Surat: aif.ru

Dünýäde soganyň iň gymmat ýurdy Filippinler bolup çykdy, bu ýerde onuň bir kilogramynyň bahasy 12 dollara golaýlaýar we towuk etinden üç esse gymmatdyr. Bu barada «Bloomberg» neşiri ýurduň oba hojalyk edarasyna salgylanyp habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Şeýle-de oba hojalyk edarasy ýurtda duzdan başlap, şekere çenli gytlygyň dowam edýändigini habar berdi. Sogan hem şeýle önümleriň hataryna girýär. 2022-nji ýylda rekord derejede hasyly ýygnalan hem bolsa, ýurtda sogan ýetenok. Habarda Filippinlere içki islegi kanagatlandyrmak üçin her aýda 20 müň tonna soganyň gerekdigi aýdylýar.

Ýurduň hökümeti «sogan krizisinde» dellallary günäkärleýär, olar fermerlerden sogany lomaý satyn alyp, soňra onuň nyrhyny gymmatlatmak üçin saklaýarlar.

Mysal üçin, Ramon Silwerio ýörite sowadyjyly ammarynyň ýokdugy üçin ýetişdiren hasylyny 80 göterim arzan bahadan dellallara satmaga mejbur bolýandygyny gürrüň berýär. Ol Manila şäherinde bir kilogram soganyň bahasynyň 600 peso (takmynan 11 dollar) durýandygyny aýdýar, bu mundan birnäçe aý öňdäkiden ýedi esse gymmatdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň