Jokowiç ýene lidere öwrüldi

15:4031.01.2023
0
37169
Jokowiç ýene lidere öwrüldi
Surat: google.com

«Awstraliýa Açyk» bäsleşiginden soňra täzelenen ATP reýtinginde ýylyň ilkinji «uly tuwulgasynda» çempion bolan serbiýaly Nowak Jokowiç birinji basgançaga geçdi. Ol ýaryşdan ozalky reýtingde bäşinji ýerde barýardy. Täzelenen reýtingde ozalky lider ispaniýaly Karlos Alkaras ikinji ýere ornaşan bolsa, Stefano Sissipas bilen Kasper Ruud ýerlerini çalyşdylar, ýagny gresiýali tennisçi üçünji, norwegiýaly tennisçi hem dördünji orna ýerleşdi.

Bir basgançak ýokarlan russiýaly Andreý Rublýow güýçli bäşligi jemledi. Ozalky reýtingde ikinji orny eýeläp duran Rafael Nadal bolsa altynjy ýere çenli pesledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň