Aragatnaşykçy ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlaryna mynasyp boldular

15:0331.01.2023
0
37835

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 28-nji ýanwarda geçirilen VIII gurultaýynda ýurduň göreldeli ýaşlarynyň birnäçesine Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgatlary berildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynyň hem ýaş wekilleri bar.

Has takygy, bu pudakdan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Serdar Orazow we «Altyn asyr» ÝGPJ-niň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher bölüminiň Ulgamy meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy Baýmuhammet Ussaýew dagylar sowgatlara mynasyp boldular.

Häzirki talyp, geljekki aragatnaşykçy Serdar Orazow ýakynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýaşlaryň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamynda innowasion taslamalaryň «SANLY ÇÖZGÜT ― 2022» atly bäsleşigine hem «Kompýuterde dürli görnüşli formatlary filtrlemek» atly innowasion programmasy bilen gatnaşyp,«Hyzmatlar ulgamy» ugry boýunça 2-nji orna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynda bu guramanyň Tertibi kabul edilip, «Arkadagly Ýaşlar» atly täze neşiriň ilkinji sany oňa gatnaşyjylara paýlanyp berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň