Özbegistanda suw joşgunlaryna taýýarlyk görlüp başlandy

13:3231.01.2023
0
30624
Özbegistanda suw joşgunlaryna taýýarlyk görlüp başlandy
Surat: centralasia.media

Özbegistanyň hökümeti Prezident Şawkat Mirziýoýewiň tabşyrygy boýunça adatdan daşary aýazlardan soňra döräp biläýjek dürli sil joşgunlaryna, suw süýşgünlerine garşy göreşmek boýunça gulluk döretdi. Bu barada Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugyna salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Premýer-ministr Abdulla Aripowyň baştutanlygynda geçen mejlisde agzalan ýagdaý bilen baglylykda degişli ministrliklerdir edaralaryň ýolbaşçylary mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlara we olaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça taýýarlyk görmek barada tabşyryklary aldylar diýlip, habarda aýdylýar.

Özbegistanyň Howa maglumaty gullugynyň maglumatlaryna görä, şu hepdede ýurtda gündizine 10, gijelerine 3 dereje maýyl howa garaşylýar. Garyň köp ýagmagyndan soňra maýyl howanyň aralaşmagy bilen baglylykda, ýurduň daglyk etraplarynda suw süýşgünlerine hem-de sil gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň