Merkezi Aziýa gazynyň Hytaýa iberilýän möçberi 2015-nji ýylyň başundan bäri 10 mln tonna golaýlady

17:0823.06.2015
0
2821

“Merkezi Aziýa — Hytaý” gaz geçirijisiniň üsti bilen Hytaýa iberilýän merkezi aziýa gazynyň möçberi 2015-nji ýylyň başyndan bäri 9,43 mln tonna, baha möçberinde bolsa ABŞ-nyň 13,1 mlrd dollaryna barabar boldy. Bu barada Horgosa gümrükhanasynda (Sinsýan — Uýgur awtonom etraby, Demirgazyk-günbatar Hytaý) habar berdiler.

Gümrükhana maglumatlaryna görä, 9 mln tonna gaz ýa-da iberilýän gazyň umumy möçberiniň 96 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär, galan 4 göterimi Özbegistanyň ýataklaryndan alyndy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinden gözbaş alýan, Özbegistanyň merkezi böleginden we gazagystanyň günortasyndan geçýän merkezi aziýa gaz geçirijiden Hytaýa gaz ibermek 2009-njy ýylyň ahyrynda ýola goýuldy. Geçen bäş ýyldan gowrak döwrüň içinde gaz geçiriji kadaly ýagdaýda işleýär diýip, Horgosyň gümrükhanasynda habar berdiler. Bu ýerden merkezi aziýa gazy “Günbatar — Gündogar” gaz geçirijisiniň ikinji we üçünji zolaklary boýunça Hytaýyň degişli sebitlerine akdyrylýar we 400 mln adam mawy ýangyjyň şertinden peýdalanýar.

Häzirki wagtda “Günbatar — Gündogar” gaz geçirijisiniň görkezilen iki ugry boýunça merkezi aziýa gazynyň iberilýän umumy möçberiniň 110 mlrd kubometrden-de geçendigi habar berilýär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň