Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Wladimir Komarow aradan çykdy

11:1231.01.2023
0
29156

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Wladimir Komarow 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň soňky ýyllarda işlän «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň redaksiýasy tarapyndan habar berildi.

— Ýakynda uzak hassalykdan soň, türkmen žurnalistikasynyň aksakallarynyň biri Wladimir Mihaýlowiç Komarow 78 ýaşynda aradan çykdy — diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem habarda Wladimir Komarowyň mekdep ýaşyndan bärki geçen durmuş hem-de zähmet ýoly, şeýle hem ömrüniň ahyryna çenli örküni baglan žurnalistika hünärine gelşi hakynda gyzykly gürrüň berilýär.

Komarow tarapyndan ýazylan uçarmanlar, burawçylar, geologlar baradaky gyzykly oçerkler we reportažlar «Turkmenskaýa Iskra», «Komsomoles Turkmenistana», «Weçerniý Aşhabad» gazetleriniň ünsüni çekdi. 1974-nji ýylda bolsa oňa «Weçerniý Aşhabad» gazetiniň senagat bölüminiň habarçysy bolmak teklip edildi. Şondan soň Türkmenistanyň ykdysadyýet, gurluşyk we senagat pudagyndaky habarlar we üstünlikler onuň üçin esasy temalara öwrüldi.

— Ökde žurnalist we ajaýyp ynsan Wladimir Komarowyň ýagty ýadygärligi biziň ýüreklerimizde hemişelik galar. Onuň köp sanly eserleri we suratlary uzak wagtlap ýaş işgärler üçin žurnalistikada hakyky ussatlygyň nusgasy bolup galar — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň redaksiýasy belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň