Soňky habarlar

Arhiw

Skopýe iň hapa howaly şäherleriň sanawynda üçünji orny eýeledi

17:3730.01.2023
0
36548
Skopýe iň hapa howaly şäherleriň sanawynda üçünji orny eýeledi
Surat: straitstimes.com

Demirgazyk Makedoniýanyň paýtagty Skopýe dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň onlugynda üçünji orny eýeledi. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

700 müň ilatly Skopýe senagat şäheridir. Emma ol ýerdäki kärhanalaryň köpüsi ekologik talaplary berjaý etmeýär. Ekoişjeňleriň sözlerine görä, gije-gündiz howanyň ýagdaýyna gözegçilik ulgamy diňe birnäçe zawodda hereket edýär.

Ýewropa Bileleşiginiň nutuklarynda şäherde «ýaşyl» energetika boýunça maksatlara ýetmek üçin zerur bolan kanunlar berjaý edilmeýändigi aýdylýar. Skopýe howanyň hapalanma derejesi babatda Bişkekden we Lahordan soň üçünji orny eýeleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň