Soňky habarlar

Arhiw

Köýtendagly hususyýetçi her gün ýarym tonna towuk etini öndürýär

15:1830.01.2023
0
28602

Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginiň Çarşaňňy obasynyň çäginde ýerleşýän «Arçaly depe» hususy kärhanasynyň fermasynda günde 500 kilogram towuk eti öndürilýär.

«Jeyhun.news» saýtynyň habar berşi ýaly, bu ýerde häzir towuklaryň sany 6 müňden gowragy idedilýär. Kärhanada geçen ýyl ýumurtga üçin niýetlenilen ýerli towuklary idetmäge girişildi. Bu bolsa her gün 1500, her aýda 45 müň sany ýumurtgany öndürmäge mümkinçilik berdi. Geçen ýyl bu ýerde towuk ýumurtgasynyň 150 müňüsi sarp edijilere ýetirildi.

Kärhana ot-iým ýetişdirmek üçin 97 gektar ýer uzak möhletleýin bölünip berildi. Iýmiň özünde öndürilmegi önümiň özüne düşýän gymmatynyň arzan bolmagyny şertlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň