Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry barada pikir alyşdylar

13:0130.01.2023
0
31053

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda parlamentara gatnaşyklarynyň ösüşi, şol sanda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

«Bu gün biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdyk. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurlygy barada gürrüň edik. Bu meselede, elbetde, parlament ölçegleriniň çäginde prezidentlerimiziň alyp barýan dinamikasyny üpjün etmegimiz möhümdir. Gepleşik edil şonuň hakda boldy. Netijeli we peýdaly bolar ýaly hyzmatdaşlygyň täze formatlary barada gürleşdik» diýip, TASS Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň aýdanlaryny getirýär.

Döwlet Dumasynyň spikeriniň pikiriçe, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar ösýär, köp babatda olaryň dinamikasyny iki döwletiň Baştutanlary kesgitleýär. Şeýle hem, bu meselede deputatlaryň parlament ölçegleriniň çäginde ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde kabul edilen kararlaryň kanun çykaryjy goldawyny üpjün etmek üçin ähli zady etmeginiň möhümdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň