Soňky habarlar

Arhiw

Antalýada jahankeşdelik uçaryny ýyldyrym urdy

10:2630.01.2023
0
25585
Antalýada jahankeşdelik uçaryny ýyldyrym urdy
Surat: inbusiness.kz

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň ýolagçy uçaryny ýurduň esasy jahankeşdelik ülkesi Antalýada gonjak wagty ýyldyrym urdy diýip, türk habar beriş serişdelerine salgylanýan «Trend» ýazýar.

Stambul-Antalýa ugry boýunça uçuşy amala aşyrýan uçary kurort şäherinde we onuň kenarýakalarynda dowam edýän güýçli deňiz harasaty wagty ýyldyrym urdy.

Ýolagçylar we uçarmanlar ejir çekmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň