Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

14:1229.01.2023
0
38708

Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň (PA) prezidenti hanym Margareta Sederfelt bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda guramanyň gün tertibindäki meseleler, şeýle hem «ÝHHG-niň çäginde Ýewropa we Ýewraziýa giňişliginde howpsuzlygy, durnuklylygy we gepleşikleri güýçlendirmek üçin bitarap ýurtlaryň goşandy» atly çäräni Aşgabat şäherinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyna ýurduň durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasaty we daşary ykdysady işjeňligi ýaly giňişleýin özgertmeler barada giňişleýin maglumat berildi diýlip, DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Konstruktiw gepleşigiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň mejlisiniň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we umumy maksatlara ýetmek üçin edilýän tagallalary birleşdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň