Arhiw

Türkmenistan Halkara ýaşlar oýunlaryny geçirmegi teklip edýär

23:5327.01.2023
0
20848

Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hökümetiň Mary şäherinde geçirilen göçme mejlisinde aýtdy.

Oýunlar Türkmenistan tarapyndan halkara derejesinde teklip edilýän türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň bir ugry bolar. Onuň esasy maksady türkmen ýaşlarynyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti sport baradaky meselä degip geçip, «Aziada — 2017-ä» taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmenistanly türgenleriň dünýäniň esasy sport merkezlerinde tejribeli we meşhur tälimçileriň ýolbaşçylygynda tälim alandyklaryny belledi. Şonuň netijesinde olar bu oýunlarda ajaýyp üstünlikleri gazandylar. Şeýle tejribe bilim ulgamynda-da ulanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hem-de tejribe alyşmagyň, ýurdumyzda okuw sapaklaryny geçmek üçin meşhur alymlary çagyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň