Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi

13:0128.01.2023
0
62010

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamasynyň esasy hemaýatkäri hökmünde Türkmenistanyň wekili hökmünde giriş sözi bilen çykyş etdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň maksady BMG-niň Tertipnamasynyň jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri dawa-jenjellerden halas etmek baradaky esasy ýörelgelerine halkara giňişliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Bu Kararnamany kabul etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň adyndan Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynda öňe sürüldi. Bu çözgüde gurama agza ýurtlaryň 68-si awtordaş bolup çykyş etdi.

Dabara BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň