Ýaponiýada läheň etini satýan söwda awtomatlary meşhurlyk gazanýar

12:0928.01.2023
0
35262
Ýaponiýada läheň etini satýan söwda awtomatlary meşhurlyk gazanýar
Surat: dokodemogo.jp

Ýaponiýada kit (läheň) etini satýan söwda enjamlary barha meşhurlyk gazanýar, olar eýýäm ýurduň Tokio we Iokogame şäherlerinde peýda boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.

Ýurtda şeýle enjamlaryň 100 töweregini oturtmagy maksat edinýärler. Şeýtmek bilen, kompaniýalar kit awlaýjy senagaty dikeltmek isleýärler, ol 80-nji ýyllardan bäri kitleri işewürlik maksady bilen awlamaga girizilen gadaganlyk sebäpli ýapylypdy.

Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýada deňiz süýdemdirijilerini awlamak baryp 12-nji asyrda peýda bolupdy. Ikinji jahan urşundan soňra bolsa, ýurtda sarp edilýän etiň ýarysy läheň etidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň