Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze häzirki zaman obasy gurulýar

15:5822.06.2015
0
10093

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze häzirki zaman obasy gurulýar. Onuň Baş meýilnamasyna laýyklykda, hojalyklar üçin kottejleriň 1536-syny, Saglyk öýleriniň ikisini, hersi 160 orunlyk çagalar baglarynyň 4-sini, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen hersi 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň ikisini, söwda we hyzmatlar ulgamy kärhanalaryny we beýlekileri gurmak göz öňünde tutulýar.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda Derweze etrabynda täze obanyň gurluşygy üçin umumy meýdany 257,2 getktar ýer bölegi bölünip berildi. Gurluşyk işleri iki tapgyrda alnyp barlar. Häzirki wagtda täze häzirki zaman obanyň gurluşygynyň ilkinji nobatdakysy depginli dowam etdirilýär. Ony 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak bellenilýär. Gurluşygyň ikinji nobatdakysy bolsa meýilnama boýunça 2017-nji ýylyň iýunynda tamamlanmaly.

Täze obalary gurmak Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap alan düýpli özgertmeleriň we giň möçberli reformalaryň rowaç alýan zamanasynyň häsiýetli we aýdyň alamatydyr.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň