Arhiw

Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy

09:3428.01.2023
0
25728
Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy
Surat: nltimes.nl

Niderlandlar Patyşalygynyň paýtagty Amsterdam şäherinde täze açylan iri dükanda siz baha ýarlyklaryny görmersiňiz, sebäbi ähli harytlar bu ýerde mätäçlere mugt berilýär.

Ýöne bir şert bilen, eklenji pes adamlar «laýf-kouçlar» diýilýän ýörite hünärmenler bilen maliýe babatda aýaga galmak üçin alty-ýedi aýlap işleşmeli bolarlar.

Täze supermarket dükäny talyplar guramasy tarapyndan işe goýberilen «kraudfanding» tutumynyň çäklerinde açyldy. Bu ýeri harytlar bilen iri kärhanalar üpjün edýärler.

«Fris» diýlip at berlen täze supermarketde her gün 200-300 töweregi çaga hem-de 80 maşgala mugt haryt satyn alyp bilýär. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Abdelhamid Idrisiniň aýtmagyna görä, her maşgala bu ýerde aýda 651 ýewrolyk harydy mugt alyp bilýär. Özem munda maşgalalaryň girdejileri barlanmaýar, ähli zat özara ynama esaslanýar. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň