Soňky habarlar

Arhiw

OBI.tm gurluşyk harytlary dükany santehnika we abatlaýyş enjamlarynyň köpdürli görnüşlerini ýetirýär

11:3627.01.2023
0
39191

Geçen ýylyň ahyrlaryna Aşgabatda açylan OBI.tm gurluşyk harytlary dükany türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny jaýlary hem-de öýleri abatlamakda zerur bolan harytlaryň giň görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Dükanda dürli hili harytlar bolup, olardan rakowinalar we hammam otagy üçin niýetlenen şkaflar, hajathanalar, suw ýyladyjylar, suw kranlary we duş toplumlary, aýnalar, girelge gapylary, elektrik enjamlar we yşyklandyryş gurluşlary, santehnika we elekrik işler üçin toplumçalar, iş predmetleri, reňkler we emulsiýalar, berkidiji bölekler we beýleki harytlary bellemek bolar.

Eger müşderiler isleýän bolsa, onda satyn alnan harytlary şäher içine eltip berme hyzmaty hem ýerine ýetirilýär.

OBI.tm dükany Görogly köçesiniň ýakynynda, has takygy «Syýahat» (ozalky «Turist») myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 34 00 56; (+993 63) 24 42 08.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň