Soňky habarlar

Arhiw

Ýusup Atabaýew küşt boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana wekilçilik eder

07:0122.06.2015
0
6449

Bu barada ýakynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn (Merkezi Aziýa zolagy) çempionatynda mälim boldy, şonda türkmen küştçüsi, haklara derejeli sport ussady Ýusup Atabaýew erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde ikinji orny eýeläp, şu ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň iň güýçli küştçüleriniň arasyndaky bäsleşikler şweýsar usuly boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň toparlarynyň hersi boýunça düýnä çempionatyna gatnaşmak üçin iki ýollanma ugrunda  bäsleşildi, şol sebäpli hem ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şunda bu gadymy oýnuň ussatlarynyň köpüsiniň grossmeýsterlerdigini göz öňünde, 20 ýaşly türkmenistanly küştçi Ýusup Atabaýewiň üstünlik gazanmagy örän buýsançly ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby alty döwde ynamly ýeňiş gazanyp, iki oýunda deňme-deň oýnap, bir duşuşykda utuldy we mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplady. Ýusup diňe gazak küştçüsi, grossmeýster Renat Jumabaýewden asgyn geldi. Bu duşuşyk 6  sagatlap dowam edip, çempionatda iň uzaga çeken oýun boldy – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň şägirdiniň goýberen ýeke-täk ýalňyşy gazagystanly küştçiniň mynasyp bolan birinji ornunyň ykbalyny çözdi.

Şeýlelikde, Ý.Atabaýew güýzde geçiriljek dünýä çempionatynda baş baýrak ugrunda güýç synanyşar. Dünýä birinjiligi olimpiýa usulynda geçirilip, utulan oýundan çykýar. Eýýäm türkmen küştçüsi halkara derejeli ýaryşlaryň köpüsinde ýeňiş gazanmagy başardy, olaryň iň ähmiýetlisi 2010-njy ýylda Türkiýede geçirilen mekdep okuwçularynyň arasyndaky çempionatda gazanan bürünç medalydyr. 2008-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde, 2010-njy ýylda Russiýanyň Hanty-Mansi awtonom okrugynda we 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadalaryna gatnaşan Ý.Atabaýew ýokary liga girýän erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda üç gezek ikinji orna eýe boldy. Indi bolsa ol Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda üstünlik gazanyp, dünýä kubogyna gatnaşmak hukugyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň