Çapyksuwarsyz at ýaryşda öňdeligi eýeledi

17:2326.01.2023
0
34701
Çapyksuwarsyz at ýaryşda öňdeligi eýeledi
Surat: prokoni.ru

Ýaponiýada çapuw aty täsin ýagdaýda çapyşykda ýeňiji boldy, onuň eýerinde çapyksuwar ýokdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Sebäbi çapyşyk başlanan dessine çapyksuwar eýerden agyp ýere gaçdy. Adatça şeýle ýagdaýda atlar çapuw ýodasyndan çykýar, emma bu gezek at ýaryşa gatnaşmagy berk ýüregine düwen bolmaly, Wanýar lakamly at öz bäsdeşlerini tozana garyp, pellehana ilki geldi.

Emma onuň ýeňşini eminler hasaba almadylar, sebäbi düzgüne görä, çapyksuwar çapyşygyň soňuna çenli eýerde bolmaly. Sosial ulgamlarda adamlar atyň ýeňşe bolan ymtylyşyna haýran galdylar, olaryň pikiriçe, Wanýar baýraga mynasyp.

Çapyksuwarsyz atyň ýeňşi görkezilýän wideogörnüşler diňe Ýaponiýada däl, Aziýanyň beýleki ýurltarynda-da uly seslenme döretdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň