Gonkongyň ýük gämisi Ýaponiýanyň kenarynda gark boldy

13:2626.01.2023
0
31533
Gonkongyň ýük gämisi Ýaponiýanyň kenarynda gark boldy
Surat: aljazeera.com

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýük gämisi gark boldy, onuň üstünde 22 adam bardy, olaryň diňe ikisini halas etmek başartdy, galanlary gözlenilýär diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Gonkongda hasaba alnan gämi odun daşaýardy, deňizçiler bolsa KHR-niň we Mýanmanyň raýatlary ekeni. Ekipaž gäminiň güýçli gyşaryp, suwa gark bolup başlandygyny habar bermäge ýetişipdir, yzysüre aragatnaşyk kesilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň