Soňky habarlar

Arhiw

Keniýaly zenan öýünde 600 pişik saklaýar

11:0026.01.2023
0
29382

Keniýada ýerli zenanlaryň biri dört ýatak jaýly öýüni pişikler üçin düşelgä öwürdi diýip, «Reuters» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Bäş çaganyň enesi bolan 51 ýaşly Reýçel Kabueni ýerli ýaşaýjylar «Aýal-pişik» diýip atlandyrýarlar.

Kabue öz düşelgesini 2020-nji ýylda açdy. Ol öýüne lukmançylyk kömegine mätäç, eýesiz pişikleri toplaýar. Haçanda pişikler sagalanda, öý eýesi olar üçin täze hojaýynlary tapýar.

«Meniň öýümiň meýdanynyň 95 göterimi pişikler üçin niýetlenen. Özüm bir burçda ýaşaýaryn» diýip, Kabue aýdýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň