Soňky habarlar

Arhiw

Horwatiýada ýewro geçilmegi bilen bagly nyrhlar gymmatlady

17:2525.01.2023
0
44232
Horwatiýada ýewro geçilmegi bilen bagly nyrhlar gymmatlady
Surat: interfax.ru

Horwatiýanyň ýaşaýjylary ýewrozolaga geçilmegi bilen bagly nyrhlaryň gymmatlaýandygyndan nägilelik bildirýärler. Bu barada «Habar 24» ýazýar.

Olar bölek söwdanyň wekillerini harytlaryň nyrhyny ýokarlandyrmakda aýyplaýarlar. Hünärmenler hem bu pikir bilen ylalaşýarlar. Olaryň maglumatlaryna görä, käbir dükanlar nyrhlary 50 göterim artdyryp, milli puly bellenen bahadan ýewro konwertirlemeýärler.

Hökümet emele gelen ýagdaý bilen bagly çäre görjekdigini söz berdi. Döwletiň gözegçilik gulluklary iki hepdäniň dowamynda bir müň töweregi söwda nokatlaryny barlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň