Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýurduň ilatyny ýokary tizlikli internetiň elýeterliligini giňeltmek boýunça işler geçirilýär

20:1620.06.2015
1
4071

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ilatynyň ýokary tizlikde Internete elýeterliligini giňeltmek boýunça işler geçirilýär. Internetiň ýokary tizlikli akymynyň birini kärendä almak bilen baglanyşykly çäreler görülýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Gazagystan, Beýik Britaniýa, Russiýa we Türkiýe ugurlary boýunça  optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary  kärendesine birleşdirildi. Ministrligiň hünärmenleri tarapyndan Eýran Yslam Respublikasy ugry boýunça Internet akymyny kärendä almak üçin taslama işlenip düzüldi. Onuň durmuşa geçirilmegi Internet akymynyň tizliginiň artmagyna, optiki-magistral ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer.

Pudaklaýyn düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagynyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio aragatnaşygynyň ýaýbaňlandyrylan ulgamy üstünlikli işleýär, maglumat serişdeler terminaly işlenip düzülýär. Telefon beketleriniň sanly ulgamlaryny hem goşmak bilen ösen awtomatlaşdyrylan tory ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şeýle hem giň gerimli internete girmek hem-de maglumatlar bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Döwletara  telefon ulgamyny giňeltmek maksady bilen, transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini çekmek dowam etdirilýär.

Häzirki wagtda Internetiň hem-de döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalarynyň raýatlaryň her birine  elýeterli bolmagy üçin hemme şertler döredilýär, telearagatnaşygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň