Soňky habarlar

Arhiw

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

12:3525.01.2023
0
36862

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen halkynyň Milli Lideri hökmünde ykrar edilmegi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegi bilen gutlady.

Gutlagda şeýle diýilýär: «Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistanyň rowaçlygyna we abadançylygyna gönükdirilen netijeli işleriňiz çuňňur hormata mynasypdyr. Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz munuň aýdyň subutnamasydyr. Siziň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde alyp barjak işiňiziň halkyňyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, Bitarap türkmen döwletiniň sebitdäki we dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, köptaraply işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin hem-de Garaşsyz, Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdirilmegine umyt edýärin». Gutlag «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň