Aşgabatda ýaşlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär

21:2924.01.2023
0
26195

Şu günler Aşgabatdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli küştçileriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär.

Çempionata ýaşlaryň 83-siniň gatnaşmagy ýaryşyň taryhyna iň ýokary görkeziji hökmünde girdi. 8 — 20 ýaş aralygyndaky küştçüleri bir ýere jemlän ýaryş şweýsar usulynda geçip, 9 tapgyra uzady.

27-nji ýanwara çenli dowam etjek ýaryşyň ýeňijileri şu ýaş derejesindäki yklym we dünýä çempionatlarynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary ligasynda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Ýaryşyň birinji gününde mümkin bolan iki utugy toplamagy başaran türgenleriň sany az bolmady. Munuň özi bäsdeşligiň güýçli boljakdygynyň alamatydyr. Çünki 2 utuk toplan küştçüleriň hatarynda ýaşlygyna garamazdan ussatlyga ýetişen Azat Nurmämmedow, Amanmuhammet Hommadow, Ahmet Gubataýew, Allaýar Şirliýew, Lala Şöhradowa we beýlekiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň